| Ashgabat | 28°C
Ykdysadyýet 24.07.2026, 16:12 41

Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär

Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär

Owganystanyň Hyrat welaýatynda gurluşygy yzygiderli dowam edýän TOPH gaz geçirijisiniň 106 kilometr böleginiň gurluşygy tamamlandy. Taslamanyň Owganystandaky 153 kilometrlik ugrunyň 127 kilometri gurluşyk işlerine taýýarlandy.

Şeýle hem çekilen gaz geçirijisiniň 36 kilometrlik böleginde turbalary ýerastynda ornaşdyrmak işleri tamamlandy.

TOPH taslamasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen möhüm sebit energetika taslamalarynyň biri bolup, sebitde energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!