Türkmenistan we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekdiler
Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bank ulgamy, durnukly energetika, daşky gurşawy goramak, suw baýlyklaryny netijeli peýdalanmak we ulag geçelgelerini ösdürmek ugurlary boýunça özara düşünişmek hakynda bäş sany Ähtnama gol çekdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 28-nji iýulda geçirilen duşuşygyň netijileri boýunça degişli resminamalara gol çekildi.
Olaryň biri bankyň Türkmenistandaky 2027–2032-nji ýyllar üçin esasy strategik iş ugurlaryny kesgitleýär.
Başga bir Ähtnama bank ulgamyny berkitmek, eksport ugurly ösüşi goldamak we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar.
Mundan başga-da, durnukly energetika, daşky gurşawy goramak, suw baýlyklaryny netijeli peýdalanmak, ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak we Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan Ähtnamalara gol çekildi.
Şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen ÝTÖB-niň arasynda bankyň “Ýaşyl şäherler” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!