| Ashgabat | 28°C
Ykdysadyýet 08.07.2026, 12:51 55

Türkmenistan we Azerbaýjan gümrük ulgamynda gyzmatdaşlygy ösdürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistan we Azerbaýjan gümrük ulgamynda gyzmatdaşlygy ösdürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň başlygynyň orunbasary Natig Şirinow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana amala aşyrylan döwlet saparyndan soň gümrük edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze derejä çykandygyny bellediler. Amaly netijeler hökmünde deslapdan maglumat alyşmak we gümrük statistikasy boýunça resminamalaryň gol çekilendigi görkezildi. Şeýle-de, “Akylly gümrük” konsepsiýasynyň çäklerinde taraplar sanly ulgamlary utgaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki “Ýol kartasyny” taýýarlamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda awtomatlaşdyrylan töwekgelçilikleri seljermek mehanizmleriniň ornaşdyrylmagy we “Bir penjire” ulgamynyň ösdürilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, halkara e-TIR taslamasyna goşulmak meselelerine aýratyn üns berildi, bu bolsa ýükleriň resmileşdirilmegini tizleşdirmäge, şol sanda Türkmenbaşy we Baku portlarynda amallary çaltlandyrmaga mümkinçilik berer.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!