| Ashgabat | 28°C
Ykdysadyýet 19.07.2026, 15:15 35

Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň mejlisi geçirildi

Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň mejlisi geçirildi

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň 65-nji mejlisi geçirildi.

Onda şu ýyl üçin kesgitlenen çäreleriň Meýilnamasy boýunça ýanwar-iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň hasabaty diňlenildi we 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Hazar ekologiýa Sammitiniň konsepsiýasy we jemleýji resminamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.Mejlisiň dowamynda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça abraýly halkara guramalary bilen alyp barýan işleriniň netijelerine üns berildi.

Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan meseleleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň 65-nji mejlisinde Hazar deňziniň güni mynasybetli geçiriljek çäreler we onuň guramaçylyk ýagdaýy baradaky çykyşlar diňlenildi.

Mejlisiň dowamynda Pudagara toparynyň alyp barýan işlerini ylmy esasda ösdürmek we bu ugur boýunça halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine möhüm ähmiýet berildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!