| Ashgabat | 28°C
Ykdysadyýet 08.07.2026, 18:56 49

Türkmen-azerbaýjan Bilelikdäki hökümetara toparyň 9-njy mejlisi geçirildi

Türkmen-azerbaýjan Bilelikdäki hökümetara toparyň 9-njy mejlisi geçirildi

Aşgabatda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky Bilelikdäki hökümetara toparyň 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, azerbaýjan tarapyndan Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmen-azerbaýjan işewürler geňeşini döretmek baradaky başlangyjy ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda söwda-ykdysady, energetika, ulag, oba hojalygy, azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak we suw hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy göz öňünde tutýan Teswirnama gol çekildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!