Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherindäki döwlet kabulhanasynda Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirilip, oňa Türkmenistanyň Prezidenti gatnaşdy.
Duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.
Täze giňeldilen duşuşyk ýurtlaryň arasynda ähli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmekde giň mümkinçilikleri döreder.
Azerbaýjanyň bu formata goşulmagy döwletleriň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak, ulag ugurlaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!