| Ashgabat | 28°C
Syýasat 31.07.2026, 10:55 15

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystana bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystana bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçiriljek resmi däl duşuşyga gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gyrgyzystan Respublikasyna bardy.

Türkmenistanyň Prezidentini “Yssyk-Köl” halkara howa menzilinde Gyrgyzystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy — Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew garşylady.

Yssyk-Köl welaýatynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilýän duşuşygyň dowamynda sebit ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara gatnaşyklary giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Şeýle hem olar sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirýän möhüm meseleleri boýunça pikir alşarlar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!