Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä şanly 55 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigini belledi.
“Ýakynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparymyň çäklerinde Tbilisi şäherinde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Mümkinçilikden peýdalanyp, bildiren myhmansöýerligiňiz, mähirli kabul edendigiňiz üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Biz Siziň türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde halklarymyzyň bähbidine türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti hatynda nygtady.
Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!