Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
Türkmenistanynň Prezidenti Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI ýurduň milli baýramy — Tagta geçmek güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Mohammed VI tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Marokko Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Çeşmesi: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!