Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýa resmi sapar bilen barar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gruziýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen 9-njy iýulda geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa boljak resmi sapary barada pikir alyşdylar. Bu barada Gruziýanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň amala aşyrjak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar Gruziýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!