Türkmenistanyň Ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy
10-njy iýulda Türkmenistanyň Gazagystandaky Ilçisi Batyr Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti Rustam Baýalyýew bilen duşuşdy.
2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Ilçi R.Baýalyýewe çakylyk hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar atçylyk sportunda hyzmatdaşlygy ösdürmek, milli atçylyk däplerini gorap saklamak we wagyz etmek, şeýle hem bilelikdäki çäreleriň geljegi barada pikir alyşdylar.
Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet saýty habar berýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!