| Ashgabat | 27°C
Iş orunlary 03.07.2026, 14:05 318

«Petronas» işe çagyrýar!

«Petronas» işe çagyrýar!

«PETRONAS Çarigali Sdn Bhd» kompaniýasy maliýe amallary hyzmatlary boýunça hünärmen wezipesine dalaşgärleri işe çagyrýar. Iş orny Aşgabatda bolup, dalaşgärlerden buhgalter hasaba alnyşy, maliýe, ykdysadyýet, täjirçilik ýa-da şu ugurlara ýakyn hünärler boýunça ýokary bilimiň bolmagy talap edilýär. Dalaşgär nebitgaz pudagynda azyndan bäş ýyl iş tejribesine, şol sanda SAP ulgamynda işlemek hem-de umumykorporatiw hyzmatlar ulgamynda iş tejribesine eýe bolmalydyr. Şeýle-de türkmen, iňlis we rus dillerini erkin bilmek, MS Office programma toplumyndan peýdalanyp bilmek hökmanydyr. Sowalnamalary ekranda görýän salgyňyzdan alyp bilersiňiz! Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, jaý 81 («B» blogy) Doldurylan sowalnamalary kompaniýanyň ofisine ýa-da ekranda görýän elektron salgysyna iberilip bilersiňiz. Resminamalar bildiriş çap edilen gününden başlap iki hepdäniň dowamynda kabul edilýär. recruitment.tm@petronas.com.my

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!

Şeýle hem okaň