Dänew etrabynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler
Lebap welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Dänew etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 28-nji oktýabrda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirer.
Çäre Dänew etrabynyň H. Babakulyýew köçesiniň 11-nji jaýynda ýerleşýän Parahat oba medeniýet öýüniň edara binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli geçiriler.
Işe ýerleşmek isleýänler şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaly bolarlar.
Goşmaça maglumatlar üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz:
(800446) 3-19-49
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!