| Ashgabat | 21°C
Iş orunlary 06.11.2026, 19:15 11

Iş gözleýänleriň dykgatyna

Iş gözleýänleriň dykgatyna

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýär.

Çäre 11-nji noýabrda sagat 09:00-dan 11:00-a çenli Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň 51-nji jaýynda ýerleşýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgünde geçiriler.

Işe ýerleşmek isleýän raýatlar şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşyp bilerler.

Goşmaça maglumat almak üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz:

800 522 7-09-95

800 522 7-36-81

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!