Ilçihanada işlemek isleýänler!
Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy hindi dili mugallymy wezipesine işe kabul edýär. Saýlanan dalaşgär bilen bir ýyllyk zähmet şertnamasy baglaşylar.
Dalaşgär hindi dilini we edebiýatyny çuňňur bilmeli, türkmen we rus dillerinde erkin geplemegi başarmaly, şeýle hem MS Word, Excel we PowerPoint programmalaryny bilmeli.
Hindi dilini okatmak boýunça azyndan iki ýyllyk iş tejribesiniň bolmagy artykmaçlyk hökmünde kabul edilýär.
Dalaşgärler arzasyny, terjimehalyny, pasportynyň nusgasyny we bilim baradaky resminamalaryny Halkara işewürlik merkeziniň administrasiýasynyň ýolbaşçysynyň adyna ibermeli bolarlar.
Arzalar 2-nji noýabra çenli kabul ediler.
Resminamalary aşakda görkezilen salga iberip bilersiňiz:
Salgy: Aşgabat şäheri, Ý. Emre köçesi, jaý 1, Parahat 2/1, 80-nji poçta gutusy
Elektron salgy: hoc.ashgabat@mea.gov.in
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!