Hazarda giň gerimli gözleg işlerine başlanylar
Ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginde Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň gatnaşmagynda uglewodorodlaryň täze ýataklaryny özleşdirmek hem-de geljegi uly nebitgaz toplumlarynda gözleg işlerini geçirmek boýunça giň gerimli taslamalara başlanylar.
Taslamalar barada Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäginde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda bellenilip geçildi.
Ýokary derejedäki duşuşykda taraplar energetika ulgamyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini tassykladylar.
Gepleşikleriň netijesinde nebitgaz pudagynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, Hazar deňziniň türkmen kenarynda nebitiň çykarylyş kuwwatyny artdyrmak we durnukly maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy.
Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada habar berildi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!