Medeniýet ministri G. Myradalyýew Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradalyýew Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Bütindünýä tatar kongresiniň Milli geňeşiniň başlygy Wasil Şaýhraziýew bilen duşuşdy.
Taraplar Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» halkara bäsleşiginiň finalyna taýýarlyk görmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Şeýle-de duşuşygyň dowamynda bäsleşigiň maksatnamasyna, iki ýurduň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagyna we konsert meýdançasynyň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berildi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!