Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri resmi sapar bilen Aşgabada geldi
Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iki günlük resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparynyň birinji güni medeni maksatnama hem-de iki halkyň umumy taryhyna hormat goýmak çärelerine bagyşlandy. Hökümet wekiliýeti «Laçyn» seýilgähine, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler. Gazagystanly diplomatlar üçin guralan tanyşdyryş gezelenjiniň dowamynda olar täsin arheologik tapyndylar, etnografik miras hem-de türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhy bilen tanyşdylar. Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň bu sapary iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýetiň berilýändigini ýene bir gezek tassyklaýar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!