| Ashgabat | 28°C
Ykdysadyýet 24.07.2026, 18:53 27

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ýagyş suwuny ýygnamak boýunça synag taslamasy geçiriler

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ýagyş suwuny ýygnamak boýunça synag taslamasy geçiriler

Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň Türkmenistandaky taslama edarasy bilen Merkezi Aziýanyň Ekologiýa barlaglary instituty ýagyş suwuny ýygnamak we ulanmak boýunça synag taslamasyny taýýarlamagy maslahatlaşdylar.

Bu barada Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň geçirilen onlaýn duşuşygyň jemleri boýunça habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegine, bilelikdäki halkara taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de suw serişdelerini durnukly dolandyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we daşky gurşawy gorap saklamak ugurlarynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine garadylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar özara düşünişmek hakynda Ähtnamany taýýarlamak we gol çekmek, synag geçiriljek ýerleri kesgitlemek, gidrometeorologik hem-de tehniki maglumatlary alyşmak, şeýle hem taslamanyň konsepsiýasyny bilelikde işläp taýýarlamak we halkara maliýeleşdirmegi çekmek üçin degişli ýüz tutmany taýýarlamak barada ylalaşdylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!