| Ashgabat | 28°C
Ykdysadyýet 08.07.2026, 12:45 68

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirligi bilen hyzmatdaşlygyna baha bermek maksady bilen halkara bilermeni Jim Newkirk bilen duşuşyk geçirildi. Onda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen UNODC arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna, bilelikdäki işleriň çäklerinde gazanylan netijelere baha berildi. Şonuň bilen bagly, Port gözegçilik toparlarynyň işi, bilelikdäki okuw-türgenleşik çäreleri, ýokary derejedäki duşuşyklar, tejribe alyşmak boýunça saparlar, serhetýaka bilelikdäki türgenleşikleri, şeýle hem hünärmenleriň dil taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalary bellenildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!