| Ashgabat | 28°C
Syýasat 01.07.2026, 14:20 55

Dmitriý Şlapaçenko ýurdumyzda diplomatik wezipesini tamamlaýar

Dmitriý Şlapaçenko ýurdumyzda diplomatik wezipesini tamamlaýar

30-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Dmitriý Şlapaçenkonyň Türkmenistany BMG-niň ulgamyndaky gatnaşyklaryny berkitmekde goşan uly goşandyny belledi, oňa geljekki işlerinde üstünlik arzuw etdi we mundan beýläkki işleriniň hem halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!