| Ashgabat | 28°C
Syýasat 29.07.2026, 12:40 28

Tatarystan Respublikasynyň wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistana geldi

Tatarystan Respublikasynyň wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistana geldi

Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Bütindünýä Tatar kongresiniň Milli geňeşiniň başlygy Wasil Şaýhraziýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet dört günlük iş sapary bilen Türkmenistana geldi.

Saparyň dowamynda wekiliýet Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerine baryp görer.

Maksatnama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyklar, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa we medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradalyýew bilen gepleşikleri geçirmekligi meýilleşdirilýär.

Şeýle-de wekiliýet Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görer.

Özara duşuşyklaryň dowamynda taraplar bilim, syýahatçylyk we taryhy-medeni mirasy gorap saklamak ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.

Wekiliýet topary Türkmenbaşy şäherine hem baryp, şäheriň häkimi Nyýazjan Nyýazjanow bilen duşuşar.

Şeýle hem myhmanlar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçilikleri bilen tanyşarlar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!