| Ashgabat | 28°C
Ykdysadyýet 10.07.2026, 16:38 66

Baku bilen Aşgabadyň arasynda uçar gatnawlary ýola goýlar

Baku bilen Aşgabadyň arasynda uçar gatnawlary ýola goýlar

Aşgabat bilen Bakunyň arasynda hepdede iki gezek amala aşyryljak göni yzygiderli howa gatnawlaryny açmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu baradaky meselä, Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisinde garaldy. Mejlisiň dowamynda taraplar ulag, syýahatçylyk, söwda we maýa goýum ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki ýurduň üstaşyr ulag mümkinçiligini ösdürmäge hem-de Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!