Tenderlar
Ähli
Çig mal we düzüm bölekleri
Önümçilik enjamlary
Ulag we logistika
Hyzmatlar
Edaralar uçin enjamlar
Gurluşyk
Çig mal we düzüm bölekleri
Açyk
“Türkmennebit” DK maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan etdi
“Türkmennebit” döwlet konserni tender toparyň adyndan maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №215 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşigi gaýtadan yglan etdi.
Lot No.1 – Turba we metal önümleri
Bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän haryt öndürijiler gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 575 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 12.00-a çenli kabul edilýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.
Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.
Bäsleşige degişli zerur maglumatlary www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm web sahypalaryndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz.
Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56.
Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz:
+993 12 40-39-90
+993 12 40-39-93
+993 12 40-35-55
+993 12 40-35-53
+993 12 40-35-12
Faks:
+993 12 40-39-24
Elektron salgysy:
fer@turkmennebit.gov.tm
Çig mal we düzüm bölekleri
Açyk
“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi fostoksin himiki serişdesini satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi
“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi fostoksin himiki serişdesini satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi.
Bäsleşige gatnaşmak üçin: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň agzalygy baradaky maglumatlary görkezilip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
himiki serişdeler bilen üpjün edijileri saýlap-seçmek boýunça bäsleşigi geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşmaly
her lot üçin töleg tölenenden soň tender resminamalarynyň bukjasyny almaly;
lotlaryň spesifikasiýasyny we tehniki talaplary almaly.
Bäsleşik teklipleri birleşigiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soňra seljeriler. Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) günüň dowamynda kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat, Arçabil Şaýoly 92. Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz!
(+99312) 44-76-22
Çig mal we düzüm bölekleri
Açyk
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi ösümlikleri goramak üçin himiki serişdeleri satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi
Lot No.1 - Däneli ekinlerde bir we iki ülüşli haşal otlara garşy gerbisidler; şaly ekinlerinde haşal otlara garşy gerbisidler; däne kesellerine garşy fungisidler; bugdaý zyýankeşlerine garşy insektisidler; bugdaý üçin mikrodökünler.
Lot No.2 – Gowaça tohumlaryny dermanlamak üçin serişdeler; ösümlikleriň karantin zyýankeşlerini ýüze çykarmak we sanyny gözegçilikde saklamak üçin feromon duzaklary; Ösümlikleriň karantin zyýankeşlerine garşy insektisidler
Lot No.3 – Gök önümlerde karantin wirus organizmlerini we bakterial keselleri PZR-usuly bilen anyklamak üçin laboratoriýa şertlerinde ulanylýan reaktiwler.
Lot No.5 – Çekirtgelere garşy insektisidler
Bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny, rekwizitlerini we Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde agzadygy baradaky kepilnamany görkezmek bilen arza tabşyrmaly;
“Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini himiýa serişdeleri bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik geçirmegiň düzgünleri” bilen tanyş bolmaly;
her bir lot üçin töleg töläp, bäsleşik resminamalarynynň bukjasyny almaly;
lotuň häsiýetnamasyny we tehniki talaplaryny almaly.
Bäsleşik teklipleri ministrligiň hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar. Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär. Bäsleşik teklipleri bildiriş 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.
Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92.
Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz! telefon belgileri:
+993 12 44-77-47
+993 12 27-36-59
Çig mal we düzüm bölekleri
Açyk
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy himiki reagentleri satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň çagindäki “A” “B” we Gündogar “B” bloklarynyň önümçilik bölümlerine senagat suwuny gaýtadan işlemek üçin himiki reagentleri 3 ýyl möhlete satyn almak boýunça №CIT-26033-МR belgili bäsleşik yglan edýär.
Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:
Tenderiň belgisi we ady, gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we bank rekwezitlerini görkezmek bilen Tendere gatnaşmak üçin resmi arza;
Tender resminamalaryny (ITB) almak üçin töleg geçirmek üçin hasap belgisini almaly. Töleg geçirikmek hasap belgisi, ýazmaça arza tabşyrylan mahaly gowşurylar;
Tender reminamalaryň doly bukjasyny (ITB) almak üçin kompaniýanyň wekiliniň pasport nusgasyny, tender resminamalaryny almaga hukugy berýän esasy ynanç hatynyň nusgasyny we töleg geçirilendigini tassyklaýan resminamany görkezilmelidir.
Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
Salgysy: Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3.
Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz!
+993 12 44-54-34
Çig mal we düzüm bölekleri
Açyk
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi şeker satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi şeker satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler gerekli resminamalary 30 günüň dowamynda ministrlikden ýüztutmalar esasynda alyp bilerler.
Resminamalar şu ýylyň 1-nji awgustyna, sagat 17:00-a çenli Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 52-nji jaýynda, Söwda toplumynyň binasynda kabul ediler.
Habarlaşmak üçin şu aşakdaky maglumatlara ýüz tutup bilersiňiz
44 64 21 / faks: 44 65 08