| Ashgabat | 30°C
Tenderlar “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi fostoksin himiki serişdesini satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi
Çig mal we düzüm bölekleri Açyk

“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi fostoksin himiki serişdesini satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi

Описание

“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi fostoksin himiki serişdesini satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň agzalygy baradaky maglumatlary görkezilip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; himiki serişdeler bilen üpjün edijileri saýlap-seçmek boýunça bäsleşigi geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşmaly her lot üçin töleg tölenenden soň tender resminamalarynyň bukjasyny almaly; lotlaryň spesifikasiýasyny we tehniki talaplary almaly. Bäsleşik teklipleri birleşigiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soňra seljeriler. Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär. Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) günüň dowamynda kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat, Arçabil Şaýoly 92. Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz! (+99312) 44-76-22
Tenderlere gaýdyp barmak