Tenderlar
“Türkmennebit” DK himiýa önümlerini we kömekçi materiallary satyn almak boýunça bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
Çig mal we düzüm bölekleri
Açyk
“Türkmennebit” DK himiýa önümlerini we kömekçi materiallary satyn almak boýunça bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
Описание
“Türkmennebit” döwlet konserni tender toparyň adyndan maddy-tehniki
serişdeleri satyn almak boýunça №196/2 belgili açyk görnüşli halkara
bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
Lot №5 – Himiýa önümleri we kömekçi materiallar
Bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk
gelýän haryt öndürijiler gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup
bilersiňiz:
bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba
alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça
görnüşde arza tabşyrmaly;
"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine
ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda"
Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we
bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy
şertlerini almaly;
bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 575
amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat
görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin
hasap belgisini almaly.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap
edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen
sagat 12.00-a çenli kabul edilýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan
mahaly habar berilýär.
Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen,
möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul
serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda
anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word
görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.
Bäsleşige degişli zerur maglumatlary www.turkmennebit.gov.tm,
www.oilgas.gov.tm web sahypalaryndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da
aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
+993 12 40-39-90
+993 12 40-39-93
+993 12 40-37-85
+993 12 40-35-68
Faks:
+993 12 40-39-24
Elektron salgysy: fer@turkmennebit.gov.tm
Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56