ABŞ-da polisiýa gullugy üçin uçýan elektromobiller ulanylyp başlanar
ABŞ-nyň Florida politehniki uniwersiteti okuw şäherçesinde howpsuzlygy berkitmek we adatdan daşary ýagdaýlara tiz ýetişmek maksady bilen «Jetson ONE» diýlip atlandyrylýan uçýan elektromobili ulanmagy meýilleşdirýär.
Bu başlangyç şahsy howa ulaglarynyň polisiýa gulluklarynyň işindäki netijeliligini barlamaga mümkinçilik berer.
Elektrik energiýasy bilen işleýän «Jetson ONE» dikligine ýokary galmaga we ýere gonmaga ukyplydyr. Kaliforniýanyň «Jetson» kompaniýasy önüme bolan uly isleg sebäpli üç ýyllyk nobatyň bardygyna garamazdan, uniwersitetiň sargydyny gysga wagtyň içinde ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Stefan Daýen muny uniwersitetiň inženerçilik ugurlylygy we taslamanyň jemgyýetçilik howpsuzlygy üçin ähmiýeti bilen düşündirdi. Onuň sözlerine görä, öndüriji öz işläp düzen tehnologiýasynyň diňe bir güýmenje däl, eýsem gündelik amaly maksatlar üçin hem hyzmat etmegini maksat edinýär.
«Jetson ONE» sekiz sany elektrik motory bilen enjamlaşdyrylyp, sagatda 100 kilometre çenli tizlik ösdürýär hem-de howada 20 minut töweregi saklanyp bilýär.
Diňe bir adama niýetlenen bu enjamyň akkumulýatorlary bilen bilelikdäki umumy agramy 115 kilograma golaýdyr.
Şeýle hem ol näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda awtomatik gonuş ulgamy we paraşýut bilen üpjün edilip, ýokary derejeli howpsuzlygy üpjün edýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!