| Ashgabat | 35°C
Gyzykly maglumat 17.09.2026, 16:55 5

Atyry göni bedene sepmek zyýanlymy?!

Atyry göni bedene sepmek zyýanlymy?!

Atyry göni boýnuňyza sepmek käbir ýagdaýlarda deri üçin zyýanly bolup biler, çünki boýun derisi örän duýgur we inçedir. Atyrlaryň düzümindäki spirt we efir ýaglary gün şöhlesi bilen reaksiýa girip, boýunda gara tegmilleriň ýa-da melewşe öwüşginli tegekleriň emele gelmegine sebäp bolup biler.

Spirt derini guradýar, allergiki täsiri bolan adamlarda boýun derisinde gyzarma, gijilewük we örgün döredip biler.

Atyry göni derä däl-de, eşikleriňize ýa-da saçlaryňyza sepmek dogry bolup biler. Eger derä sepjek bolsaňyz, gün şöhleleriniň göni düşüp bilmejek ýerine sepmek maslahat berilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!