Çepbekeýler haýsy ýurtlarda köp?!
Yer ýüzüniň ortaça 12 göterim adamy çepbekeý hasaplanýar. Emma olaryň sany ýurtlara görä ep-esli tapawutlanýar.
World Visualized neşiriniň maglumatlaryna görä, çepbekeýleriň iň köp ýaşaýan ýurdy Niderlandlar bolup, bu ýerde olar ilatyň 13,2 göterimini düzýär. Ikinji orunda bolsa Belgiýa bilen ABŞ 13,1 göterim görkeziji bilen deňligi saklaýar.
Çepbekeýleriň sany nesilleriň arasyndaky tapawutlara hem baglydyr. Käbir maglumatlara görä, uly ýaşly nesliň 6–8 göterimi doga çepbekeý bolup, çagalykda sag elini ulanmagy öwrenen bolup biler. Sebäbi öňler çepbekeýlik, köplenç, islenilmeýän aýratynlyk hökmünde kabul edilipdir.
Barlagçylar çepbekeýligi pikirlenişiň käbir aýratynlyklary bilen hem baglanyşdyrýarlar. Hususan-da, käbir barlaglarda onuň döredijilikli we meseleleriň umumy mazmunyny görüp bilýän pikirlenişe dahylly bolup biljekdigi aýdylýar. Çepbekeýler aýdym-saz dünýäsinde-de özlerini tapawutly görkezýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!