| Ashgabat | 30°C
Jemgyýet 16.09.2026, 11:26 1

Yslamabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk günleri bellenildi

Yslamabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk günleri bellenildi
Фото: https://mfa.gov.tm/articles/2016

Pakistanyň Yslamabat şäherindäki Lok Wirsa Halk mirasy muzeýinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk günlerine bagyşlanan konsert geçirildi.

Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň we Russiýa Federasiýasynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Lok Wirsa muzeýiniň ýolbaşçylygynyň wekilleri, Pakistanyň döwlet we medeni edaralarynyň wekilleri, şeýle hem jemgyýetçilik-bilermenler toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Konsert maksatnamasynda milli lybasly pakistanly sungat işgärleriniň Merkezi Aziýa halklarynyň we Azerbaýjanyň däp bolan tanslaryny hem-de saz eserlerini ýerine ýetirmegi aýratyn orun eýeledi.

Medeni çykyşlaryň hatarynda Türkmenistanyň milli medeni mirasynyň baýlygyny we özboluşlylygyny şöhlelendirýän «Küştdepdi» tansy hem ýerine ýetirildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!