| Ashgabat | 32°C
Jemgyýet 17.09.2026, 19:13 5

«C5+1: ygtybarly emeli aň we sanlylaşdyrma» atly seminar boldy

«C5+1: ygtybarly emeli aň we sanlylaşdyrma» atly seminar boldy

Aşgabatda emeli aňyň, sanly tehnologiýalaryň, kiberhowpsuzlygyň we häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa infrastrukturasynyň ösdürilmegi bilen bagly möhüm meselelere bagyşlanan «C5+1: ygtybarly emeli aň we sanlylaşdyrma» atly seminar geçirildi.

Seminaryň dowamynda häzirki zaman sanly çözgütleri ornaşdyrmak, sanly infrastrukturanyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, şeýle hem möhüm maglumat infrastrukturasyny goramak meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Şeýle-de seminara gatnaşyjylar sanlylaşdyrma hem-de häzirki zaman tehnologiýalarynyň howpsuz ösdürilmegi babatda geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!