| Ashgabat | 31°C
Sport 14.09.2026, 18:39 4

Ildeşlerimiz Merkezi Aziýanyň çempionatynda 11 medal gazandylar

Ildeşlerimiz Merkezi Aziýanyň çempionatynda 11 medal gazandylar

Türkmenistanyň ýeňil atletika boýunça milli ýygyndysynyň türgenleri Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýanyň III Açyk çempionatynda 11 medal, has takygy, 2 altyn, 7 kümüş we 2 bürünç medal gazandylar.

Baýraklar gysga we orta aralyga ylgamakda, estafeta ýaryşlarynda, çekiç zyňmakda hem-de ýadro iteklemekde gazanyldy.

Biz hem ildeşlerimizi gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Bu barada “Нейтральный Туркменистан” gazetinde habar berildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!