| Ashgabat | 29°C
Bilim 11.09.2026, 11:31 5

Mental hasaplama boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen okuwçylary iň gowularyň hataryna girdi

Mental hasaplama boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen okuwçylary iň gowularyň hataryna girdi

Germaniýanyň Bilefeld şäherinde 5–7-nji sentýabr aralygynda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty geçirildi.

Bäsleşige Hytaý, Singapur, Germaniýa, Ýaponiýa we Fransiýa ýaly 14 döwletden 100-den gowrak iň ökde türgen gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşyjylar iki sagadyň dowamynda diňe ýatdan hasaplamak arkaly matematikanyň çylşyrymly ugurlary boýunça bäsleşdi.

Türkmenistandan saýlama tapgyryň netijesinde bäsleşige kabul edilen 12 sany mekdep okuwçylarynyň birnäçesi 2000 baldan ýokary netije görkezdi.

Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki «Kämil Bilim» okuw merkeziniň uçurymy, 41-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Mekan Nurgeldiýew Junior-1 kategoriýasynda 2477 bal toplap, dünýä çempionatynda 3-nji orny eýeledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň mental arifmetika boýunça ilkinji milli rekordçysy Liwanur Berdiýewa Senior kategoriýasynda iň ýokary bal alan gatnaşyjylaryň ilkinji sekizligine girdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!