| Ashgabat | 28°C
Bilim 16.10.2026, 12:32 2

Talyplar üçin innowasion bäsleşik yglan edildi

Talyplar üçin innowasion bäsleşik yglan edildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «STEM olimpiada» atly innowasion bilim bäsleşigini geçirmäge taýýarlyk görýär.

25-nji noýabrda geçiriljek bu çäre ýaşlaryň ylma, tehnologiýa we innowasiýalara bolan gyzyklanmasyny artdyrmagy maksat edinýär.

Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň her birinden iň köp 5 talypdan ybarat bir topar gatnaşyp biler.

Toparlar bäsleşigiň «STEM», «STEAM» ýa-da «STREAM» ugurlarynyň biri boýunça özara güýç synanyşarlar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary kabul etmek 15-nji noýabra çenli dowam edýär. Gatnaşyjylar baradaky maglumatlary bellenilen nusga boýunça dolduryp, guramaçylaryň tdbgistem2026@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermeli.

Bu bäsleşik bilim bermekde innowasion usulyýetleri giňden ornaşdyrmak, ýaşlaryň tankydy pikirlenmek we tehnologik sowatlylyk ukyplaryny ösdürmek hem-de zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

Şeýle hem ol ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy pugtalandyrmaga goşant goşar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!