| Ashgabat | 32°C
Jemgyýet 17.09.2026, 19:16 5

Türkmen wekiliýeti Türki Döwletleriň Guramasynyň agza döwletleriniň musulman dini müdiriýetleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň VII mejlisine gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Türki Döwletleriň Guramasynyň agza döwletleriniň musulman dini müdiriýetleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň VII mejlisine gatnaşdy

Baku şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) agza döwletleriniň musulman dini müdiriýetleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň VII mejlisi geçirildi.

Mejlise TDG-niň agza döwletleriniň musulman dini müdiriýetleriniň ýolbaşçylary we ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem TDG-niň Baş sekretary gatnaşdylar.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň Müftüsi çykyş edip, TDG-niň agza döwletleriniň musulman dini edaralarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň möhümdigini nygtady, şeýle hem parahatçylyk, ynsanperwerlik, özara hormat goýmak we ruhy agzybirlik ýaly umumyadamzat gymmatlyklaryny öňe sürmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlaryň ähmiýetini belledi.

Bu mejlisiň geçirilmegi dini müdiriýetleriniň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde we doganlyk ýurtlaryň arasyndaky ruhy-medeni gatnaşyklary berkitmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!