| Ashgabat | 33°C
Bilim 21.09.2026, 11:56 5

Koreýa Respublikasy döwlet talyp haky maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar

Koreýa Respublikasy döwlet talyp haky maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar

Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Milli halkara bilim instituty (NIIED) daşary ýurtly dalaşgärler üçin 2027-nji ýylyň bakalawr derejesinde «Global Korea Scholarship» (GKS) döwlet talyp haklary maksatnamasyna resminamalary kabul edip başlandygyny yglan etdi. Maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistandan iki dalaşgär, biri umumy ugur boýunça, beýlekisi bolsa «R-GKS» maksatnamasy boýunça kabul ediler.

Bilim maksatnamasynyň düzüminde koreý dilini öwrenmek boýunça bir ýyllyk taýýarlyk okuwy göz öňünde tutulandyr, şondan soň talyplar 4-den 6 ýyla çenli dowam edýän bakalawr ugurlarynda okuwlaryny dowam etdirip bilerler.

Bäsleşige gatnaşmaga 2002-nji ýylyň 1-nji martyndan soň doglan, ýaşy 25-den geçmedik, şeýle hem 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli orta mekdebi ýa-da orta hünär okuw mekdebini (kolleji) tamamlan ýa-da tamamlaýan Türkmenistanyň raýatlary çagyrylýar.

Arzalar şu ýylyň 15-nji sentýabrynda başlandy we 30-njy sentýabrynda Koreýanyň wagty bilen sagat 18:00-a çenli kabul edilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin «Study in Korea» bitewi maglumat ulgamynda hasaba alynmaly we arza tabşyrmaly. Türkmen ýa-da rus dilinde taýýarlanan resminamalara olaryň iňlis dilindäki terjimesi hökman goşulmalydyr.

Resminamalary deslapky saýlap almagyň netijeleri hem-de söhbetdeşligiň geçiriljek seneleri baradaky maglumatlar şu ýylyň 8-nji oktýabryndan soň dalaşgärleriň her birine aýratynlykda habar berler.

Dalaşgärlere bildirilýän has giňişleýin talaplar, resminamalary tabşyrmak boýunça gözükdirijiler we ýokary okuw mekdepleri baradaky anyk maglumatlar bilen maksatnamanyň resminamalarynda hem-de «Study in Korea» internet platformasynda tanşyp bilersiňiz.

Maksatnama boýunça ýüze çykýan soraglar boýunça Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyna aşakdaky telefon belgisi arkaly ýüz tutup bilersiňiz:

+993-12-94-72-86

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!