| Ashgabat | 19°C
Bilim 29.10.2026, 16:05 5

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň talyplary halkara internet-olimpiadasyna çagyrylýar

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň talyplary halkara internet-olimpiadasyna çagyrylýar

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ekologiýa boýunça V Açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Halkara bäsleşige ýokary okuw mekdebinde okaýan hünärine we ýylyna garamazdan, ähli isleg bildirýän talyplar gatnaşyp biler.

Bäsleşik 27-nji noýabrda geçiriler.

Olimpiadanyň çäginde gatnaşyjylara populýasion ekologiýa we biosfera, adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri, senagat ekologiýasy, ekologiýa gözegçiligi we ekologiýa kanunçylygy, şeýle-de halkara guramalar ýaly ugurlar boýunça ýumuşlar hödürlener.

Talyplara ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin 90 minut wagt berler.

Olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde alnyp barlar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!