Ýurdumyzda muzeý we muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda muzeý we muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek bellenildi.
Bu barada 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda aýdyldy.
Munuň özi türkmen halkynyň baý mirasyny, şöhratly taryhyny giňden wagyz etmek, ata-babalarymyzdan gelýän nusgalyk gymmatlyklary geljek nesillere ýetirmek boýunça ýurdumyzyň muzeýlerinde alnyp barylýan işleri döwrebap guramakda we kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!