| Ashgabat | 33°C
Bilim 18.09.2026, 13:54 5

Türkmen-koreý bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen-koreý bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Kim Kýo Şigiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim, ylym we innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hünär-tehniki bilim ulgamynda koreý tejribesine öwrenmek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.

Duşuşykda emeli aň we sanly tehnologiýalar boýunça hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem zähmet bazarynyň geljekki zerurlyklaryny öwrenmek, täze hünärleri kesgitlemek, ýaşlaryň ýokary tehnologiýaly pudaklarda işlemek üçin zerur başarnyklaryny ösdürmek boýunça bilermenler duşuşyklaryny we tegelek stollary geçirmek meselesi öňe sürüldi.

Duşuşygyň ahyrynda bilim, ylym we innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, özara tejribe alyşmagy giňeltmäge we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýarlyk beýan edildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!