Türkmenistanly ýaşlar Koreýa Respublikasynyň NIIED stipendiýa maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar
Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Milli halkara bilim instituty (NIIED) tarapyndan 2027-nji ýyl üçin daşary ýurtly dalaşgärleri bakalawr derejesinde bilim almak boýunça döwlet stipendiýa maksatnamasyna kabul edýändigini habar berdi.
Maksatnamada koreý dilini öwrenmek 1 ýyl, esasy okuw maksatnamasy bolsa 4–6 ýyl dowam eder.
Koreý dili boýunça synagdan geçendigi baradaky 5-nji derejeden ýokary şahadatnamasy (TOPIK) bolan we saýlanyp alnan dalaşgärler koreý dilini öwrenmek tapgyryndan boşadylýar.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
- Raýatlygy: Türkmenistan;
- Ýaşy: 25 ýaşdan kiçi bolmaly (2002-nji ýylyň 1-nji martyndan soň doglanlar);
- Bilimi: 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli orta mekdebi ýa-da kolleji tamamlan ýa-da tamamlamagy meýilleşdirýän bolmaly.
Resminamalary tabşyrmagyň möhleti:
2026-njy ýylyň 15-nji sentýabryndan (sişenbe) sagat 11:00-dan 30-njy sentýabryna (çarşenbe) çenli sagat 18:00-a çenli (Koreýanyň wagty bilen).
Okuw maksatnamasy we arzany tabşyrmagyň şertleri barada giňişleýin maglumatlary Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!