Türkmenistanyň Bilim ministrligi daşary ýurda okamaga gidýänleriň güwänama almak tertibini düşündirdi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi talyplara we okuwa girmek isleýän ýaşlara daşary döwletleriň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamak üçin daşary ýurda gitmekde zerur bolan güwänamany resmileşdirmegiň tertibi barada maglumat berýär.
Bu güwänama Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndaky №202 buýrugynyň 1-nji goşundysyna laýyklykda berilýär. Ol raýatyň bellenen tertipde daşary ýurtda okuwyny dowam etdirýän ýa-da okuwa täze başlan talyp hökmünde hasaba alnandygyny tassyklaýar.
Hasaba alyş raýatyň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça etrap bilim bölümlerinde geçirilýär. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary şäheriň Baş bilim müdirligine ýüz tutup bilerler.
Goşmaça maglumatlar üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz:
39-35-01
39-37-79
Hasaba alyş tertibi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 25-nji iýulyndaky №245 buýrugy bilen kesgitlenýär.
Zerur bolan resminamalar:
- ahsyýeti tassyklaýan resminamanyň nusgasy (milli we daşary ýurt pasportlary);
- ilkinji gezek daşary ýurda okuwa gidýänler üçin daşary ýurt okuw mekdebiniň çakylygynyň we okuwa kabul edilýändigi baradaky kepillik hatynyň türkmen diline terjime edilen nusgasy;
- izanyň nusgasy;
- harby şahadatnamanyň ýa-da harby hasaba alnandygy baradaky kepilnamanyň nusgasy;
- okuw edarasy tarapyndan berilýän bellenilen nusgadaky anketa;
- orta bilim baradaky şahadatnamanyň nusgasy;
- 6×9 ölçegli bir reňkli fotosurat.
Resminamalar iş günlerinde sagat 14:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär. Resminamalaryň nusgalary we möhürleriň yzlary aýdyň bolmaly, sowalnama bolsa seresaplylyk bilen, ýalňyşsyz doldurylmalydyr. Resminamalar şahsy ýagdaýda tabşyrylýar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!