Häzirki wagtda iň köp oýnalýan oýun haýsy diýip pikir edýärsiňiz?!
Häzirki wagtda iň köp oýnalýan oýun «Counter-Strike 2» wideooýny hasaplanylýar. Ol häzirki wagtda «Steamiň» resmi «Most Played» statistikasynda 1-nji ýerde durýar.
«Counter-Strike 2» — köp oýunçynyň biri-birine garşy oýnaýan meşhur onlaýn söweş oýny. Onda iki topar dürli maksatlar üçin bäsleşýär. Maglumatlara görä, «Counter-Strike 2-niň» bir günüň dowamynda bir wagtda oýnaýanlarynyň iň ýokary sany 1,19 milliondan geçýär. Bu bolsa oýnuň heniz hem örän uly gyzyklanma eýedigini görkezýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!