| Ashgabat | 27°C
Gyzykly maglumat 15.09.2026, 15:40 9

Ýüň duzly suwy nähili süýjedýär?

Ýüň duzly suwy nähili süýjedýär?

Kornell uniwersitetiniň alymlary adaty ýüňden ultragara reňkli täze material döretdi. Bu material gün şöhlesiniň kömegi bilen duzly suwy agyz suwuna öwürmäge mümkinçilik berýär.

Täze usul suwy arassalamak üçin zerur bolan enjamlaryň we ulgamlaryň ýok ýerlerinde peýdaly bolup biler.

Bu pikiriň döremegine jennet guşunyň ýelekleriniň goýy gara reňki hem täsir edipdir. Alymlar şol reňki matada gaýtalamaga synanyşypdyrlar. Munuň üçin ýüňi midiýalaryň düzümindäki melanine meňzedilip döredilen polidopamin atly polimer bilen reňkläp, soňra plazma arkaly ýörite işläpdirler.

Netijede, gözlegçileriň aýtmagyna görä, şu wagta çenli döredilen iň gara reňkli materiallaryň biri emele gelipdir.

Alymlar bu matany gün şöhlesiniň täsiri bilen bug öndürýän ýörite ulgamda synagdan geçiripdirler. Munuň üçin materialyň bir bölegi suwa batyrylýar. Ol gün şöhlesiniň täsiri bilen gyzyp, suwuň ýokarky gatlagyny bugardýar we duzuň suwda galmagyna ýardam edýär.

Şeýlelikde, ulgam duz ýygnanmazdan 10 sagat işläpdir.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!