Diş pastalarynyň düýbündäki reňkler nähili manylary aňladýar?!
Käbir adamlar bu reňkleriň pastanyň düzümi hakda maglumat berýändigini aýdýarlar. Mysal üçin, ýaşyl reňkiň tebigy maddalardan, gara reňkiň bolsa dolulygyna himiki maddalardan ybaratdygyny öňe sürýärler.
Ýöne bu düşünje nädogrydyr. Diş pastalarynyň düýbünde ýerleşýän reňkler önümçilik prosesine degişli tehniki belliklerdir.
Olar önümçiligiň awtomatiki kesiş, gaplama ýa-da bukja ýelimlemek ýaly amallary üçin ulanylýar.
Bu reňkler diş pastasynyň düzümi ýa-da hili bilen baglanyşykly däldir.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!