| Ashgabat | 29°C
Gyzykly maglumat 12.09.2026, 14:07 4

Banan gabygy gijilewügi togtadýar

Banan gabygy gijilewügi togtadýar

Adaty banan gabygy gijilewügi 90 sekuntda aýyrýar. Gabygynyň ak bölegindäki polisaharidler gistamini gönüden-göni deriden özüne çekýär we reaksiýasy togtadýar. Alymlar banan gabygynyň ýanyklar üçin hem melhem bolup biljekdigini aýdýarlar.

Mundan başga-da banan gabygynyň düzüminde göz üçin lutein, keýpi gowulandyrýan serotonin we tebigy antiseptikler bar. Gabygyň içki tarapyny ýüzüňize çalsaňyz, derini çyglandyrýar, daşky gurşawyň zyýanly täsirlerinden goraýar, düwürtikleri we deridäki gyzarmalary azaldýar.

Gabygyň içki bölegi bilen dişleri 2-3 minut yzygiderli sürtseňiz, düzümindäki kaliý, kalsiý we magniý dişleri arassalamaga kömek edýär. Banan gabygy kaliý we fosfor maddalaryna baý bolandygy üçin, öý ösümlikleriniň düýp topraklygyna goşulsa dökün bolup hyzmat edýär. Rezin aýakgaplary, göş we deri önümlerini, şeýle hem kümüş şaý-sepleri banan gabygy bilen sürtüp ýalpyldadyp bolýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!