| Ashgabat | 28°C
Ykdysadyýet 02.08.2026, 11:00 12

Soňky ýedi aýda nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi

Soňky ýedi aýda nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi

Şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýdyldy.

Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 105,5 göterim ýerine ýetirildi.

Benzin öndürmegiň meýilnamasy 121,6 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 113,5 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100,2 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 103 göterim berjaý edildi.

Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça 122,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 108,1 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmek işlerini netijeli alyp barmagyň möhümdigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!