Ýanwar – iýul aýlarynda ulag-kommunikasiýa toplumynda 114 göterim ösüş gazanyldy
2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114 göterime deň boldy.
Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,6 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102,4 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,8 göterime, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,5 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 102,1 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,5 göterime barabar boldy.
Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýdyldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!