«Ýyldyz» myhmanhanasynda «Diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek» boýunça ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahaty geçirildi
«Ýyldyz» myhmanhanasynda «Diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek» boýunça ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahaty geçirildi.
Bu giň möçberli çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, mejlisiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, iri halkara maliýe düzümleriniň, ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýeti barada aýdyp, häzirki wagtda Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeliginiň geçirilýändigi sebäpli gazanylan ösüşe baha bermek we geljekki ädimleri kesgitlemek üçin bu mümkinçilikden peýdalanmagyň möhümdigini nygtadylar.
Maslahatda O.Atabaýewa ene süýdi bilen iýmitlendirmäge maýa goýmagyň milletiň geljegine maýa goýmakdygyny belledi.
Çykyşlar tamamlanandan soňra diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak barada animasiýon wideoşekiller görkezildi.
Soňra maslahat mowzuklaýyn sessiýalary bilen dowam etdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!