«Turkish Airlines» standart ölçegden uly goşlaryň daşalmagy üçin nyrhlary ýokarlandyrdy
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy standart ölçeglerden uly goşlaryň daşalmagy üçin nyrhlary täzeledi.
Täze düzgünlere laýyklykda, ölçegi bellenilen kadadan uly bolan çemodany Stambula çenli uçar gatnawynda daşatmagyň bahasy 110 ABŞ-nyň dollary, halkara üstaşyr gatnawlarynda bolsa 150 ABŞ-nyň dollary möçberinde bolar.
Beýikliginiň, uzynlygynyň we ininiň jemi 158 santimetrden geçmeýän çemodan standart ölçegli hasaplanýar. Şol bir wagtyň özünde tigirleriniň ölçegi bu hasaplamalara goşulmaýar.
Bellenilen ölçeglerden uly bolan goşlar üçin ýolagçylardan täze nyrhlara laýyklykda goşmaça töleg alnar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!