Gyzylarbat etrabynda iş gözleýärsiňizmi? Onda bu habar Siz üçin
Gyzylarbat etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 15-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresiniň geçiriljekdigini habar berýär.
Çäre Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäheriniň E. Kulyýewa köçesiniň 8-nji «b» jaýynda geçiriler.
Işe ýerleşmek isleýän raýatlar şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen çärä gatnaşmalydyrlar.
Goşmaça maglumatlar üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz:
(+993246) 5-37-72
5-44-30
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!